Ata Watan Türkmenistan
Bitarap Watanymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak wakalara baý bolan awgust aýyna gadam basdyk. Ýene sanlyja günden Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan dörän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dünýä ilatynyň 7 göterimine golaýyny emele getirýän we 32 ýurtda ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň ykbalyna dahylly möhüm diplomatik çäre — BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Ata Watan Türkmenistan