Ata Watan Türkmenistan
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş işleri boýunça döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Zeng Ýisin bilen hem duşuşdy. Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti mähirli kabul edilendigi üçin öz adyndan, şeýle hem türkmen wekiliýetiniň adyndan minnetdarlyk bildirip, saparyň çäklerinde HHR-iň Hökümetiniň wekilleri bilen netijeli duşuşyklaryň geçirilendigini aýtdy. Ata Watan Türkmenistan