"Zaman-Türkmenistan" HJ
Täze okuw ýylyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde ýurdumyzyň ähli künjeginde hereket edýän söwda nokatlarynda mekdep bazarlary işleýär, bu ugurda ýöriteleşdirilen dükanlarda hem mekdep harytlarynyň birnäçe görnüşi alyjylara hödürlenýär. Ak mekdebiň bosagasyndan ilkinji gezek ätlejek körpeleriň ene-atalary, täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän okuwçylar we talyp ýaşlar mekdep bazarlaryndan, ýöriteleşdirilen dükanlardan zerur bolan okuw esbaplaryny satyn alýarlar. "Zaman-Türkmenistan" HJ