Orient
2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň başynda Din Sýuesýan Türkmenistanyň baştutanynyň saparynyň däp bolan dostlukly gatnaşyklary berkitmäge täze itergi berjek möhüm waka bolandygyny aýtdy. Orient